
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Mehanika-tehnologik fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymlary A.Hojalyýewiň, G.Amanowyň, “Umumy tehniki dersler” kafedrasynyň mugallymy O.Muhammetnyýazowanyň hem-de “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäher “Energoönümçilik birleşiginiň Günorta 1” bekedinde göçme okuw-önümçilik tejribeligi geçirildi. Tejribelikde talyplar hünärmenleriň hem-de mugallymlaryň gürrüň bermeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan transformatorlaryň dürli görnüşleri, ýaşaýyş, jemgyýetçilik we senagat toplumlarynda elektrik energiýasyny ulanmakda we paýlamakda elektrik ulgamlaryň hyzmatlary, şeýle hem önümçilik desgalarynda, jemgyýetçilik binalarda we kärhanalarda elektrik ulgamynyň ulanylýan usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy. Göçme tejribeligi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Bu geçirilen göçme okuw-önümçilik tejribeligi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.