Объявления сайта

BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN DABARA

от Wepa K -

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda»  ýurdumyzda ýokary derejede bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “ARKADAGLY SERDAR BILEN, ÖŇE BARÝAR, BEDEW BATLY - WATANYM” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.


        Dabarada institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda taplanyp, sünnälenen milli atşynaslyk sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, türkmen atçylyk sportunyň halkara derejesinde ösdürilmegi, arassa ganly tohum atlarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.

Many-mazmunly çykyşlarda Ahal teke atlarynyň biziň günlerimize çenli öz arassa tohumlylygyny, sap ganlylygyny, owadan sypatyny, ýokary çapuw häsiýetlerini saklap gelmeginde biziň irki döwürlerde ýaşap geçen meşhur seýislerimiziň goşandynyň uludygy, ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip dünýä gymmatlyklarynyň hataryna, iň bir kämil nusgada goşan ahal teke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň bir sungatdygy, şeýle hem  geçmişde ahalteke atlarynyň asyrlar boýy kämilleşip gelmegine uly ýardam eden türkmen seýisçilik sungatynyň şu günki günde öwrenmäge döwrebap mesele bolup durýandygy barasynda  aýratyn nygtaldy.

          Dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň türkmen bedewleri barasynda ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň  ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy.

Bu geçirilen dabara, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.


“ÇYZUWLY GEOMETRIÝA WE INŽENERÇILIK GRAFIKASY” KAFEDRASYNYŇ HEPDELIGINIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN FAKULTETARA BÄSLEŞIK

от Wepa K -

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Inžener grafikasy” dersi boýunça fakultetara bäsleşik geçirildi.

 Bäsleşikde talyplara şaýyň aksonometriki proýeksiýasy berildi we şerte laýyklykda gatnaşyjylar şaýyň üç tekizlikdäki proýeksiýasyny we aksonometriýasyny gurdular. Elbetde, çyzgyny TDS-yň talaplaryna laýyklykda dogry ýerine ýetirmek, şaýyň ölçeglerini talabalaýyk goýmak hem-de berlen kesgitli wagtyň dowamynda çyzgyny tamamlamak ýaly wezipeler ýörite berkidilen mugallymlar tarapyndan gözegçilik edildi.


Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pajarlap ösdürmek üçin ýurdumyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän öndürijilikli, ýokary kuwwatly tehnikalar we kämil tehnologiýalar yzygiderli getirilýär, olary dolandyrjak we erk etjek hünärmenleri taýýarlamak bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. Getirilýän tehnikalar we tehnologiýalar bilen birlikde olaryň ýan kitaby iberilýär. Olaryň mazmuny dürli dilde ýazylyp, kitabyň içindäki çyzgylar, ýagny  enjamlaryň işleýşi we sazlanyşy, şaýlaryň ölçegleri we ýasalyşy dünýä halklaryna düşnükli çyzgy dili bilen beýan edilýär. Bu ýeke-täk internasional dili bilmek her bir tehniki taýdan sowatly adamyň borjy hasaplanýar. Çünki çyzgy – tehnikanyň dilidir.                                                      

Geçirilen bäsleşik talyplaryň “Inžener grafikasy” dersinden alan nazary bilimlerini  berkitmäge we olaryň giňişlikde pikir edip bilijilik ukybyny ösdürmäge hem-de çyzgynyň düzgünleriniň dogry berjaý edilişini öwrenmäge ýardam eder. Bäsleşigiň netijeleri hepdeligiň çäginde yglan ediler.

Bu geçirilen bäsleşik, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim syýasatynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

        “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasy.


HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNA GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

от Wepa K -


Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary we Lebap welaýatlaryna amala aşyran iş saparynyň çägindäki dabaralar,  şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň ähmiýetine bagyşlanyp baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.

Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu söhbetdeşlikde hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalaryň, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Uly kuwwatlyga eýe bolan ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň geljekde ýurdumyzda ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Talyp ýaşlar bilen sorag-jogap almak arkaly geçirilen söhbetdeşlik talyplarda uly täsir galdyrdy.

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň  ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

“Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy’ kafedrasynyň mugallymy.

 


MILLI LIDERIMIZIŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA SAPARY barada geçirilen tegelek stol

от Wepa K -


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasatynda möhüm ädimi alamatlandyrdy. Milli Liderimiz saparyň çäginde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wajyp ugurlardaky garaýyşlaryny giň jemgyýetçilige ýetirdi. Bu saparyň Bitarap Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesini yzygiderli ilerledýän döwlet hökmündäki ornuna, Gahryman Arkadagymyzyň baý tejribäniň, zamananyň möhüm-müşgil meseleleriniň çözgütleri babatda giň dünýägaraýşyň, çuňňur paýhas-parasadyň eýesi bolan syýasy Lider hökmündäki abraý-mertebesine ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmegiň aýgytly pursadyna öwrülendigini turuwbaşdan nygtamak gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk billirdi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 


Talyplaryň nazary bilimi kämilleşýär

от Wepa K -


Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün  ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.

Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Mehanika-tehnologik fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymlary A.Hojalyýewiň, G.Amanowyň, “Umumy tehniki dersler” kafedrasynyň mugallymy O.Muhammetnyýazowanyň hem-de “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäher “Energoönümçilik birleşiginiň Günorta 1” bekedinde göçme okuw-önümçilik tejribeligi geçirildi. Tejribelikde talyplar hünärmenleriň hem-de mugallymlaryň gürrüň bermeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan transformatorlaryň dürli görnüşleri, ýaşaýyş, jemgyýetçilik we senagat toplumlarynda elektrik energiýasyny ulanmakda we paýlamakda elektrik ulgamlaryň hyzmatlary, şeýle hem önümçilik desgalarynda, jemgyýetçilik binalarda we kärhanalarda elektrik ulgamynyň  ulanylýan usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy. Göçme tejribeligi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. 

Bu geçirilen göçme okuw-önümçilik tejribeligi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.


El hünäri – il gezer

от Wepa K -



Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.

         2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen talyp gyzlaryň ussatlygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň hem-de Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “El hünäri – il gezer” atly üme görnüşli döredijilik çäresi geçirildi.

         Döredijilik çäresine gatnaşan talyp gyzlar üme dessuryny ýerine ýetirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny hem-de bagtyýar döwrümiziň çeper senetçiliginiň kämil sungat derejesindäki el işleriň, ýagny keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa tikmegiň, alaja, jorap örmegiň özboluşly usullaryny başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenýän asylly işleri, ömrümize ýaraşyk berýän kümüş saçly enelere we gelin-gyzlara sarpa goýmak, alym Arkadagymyzyň  “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda getirilen parasatly setirleri ýokary okuw mekdebiň talyplary tarapyndan çykyşlarda aýdyň görkezildi.Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň çeper höwesjeň talyp gyzlarynyň milli mirasymyza degişli folklýor çykyşlary üme dessurynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.Bu çäräniň jemleýji böleginde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy            B.Kulyýewa




Bereketli türkmen saçagy

от Wepa K -


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan, milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Bereketli türkmen saçagy”  atly gürrüňdeşlikli, döredijilikli teleýazgy edildi. Bu gepleşik ýokary guramaçylykly geçirilip, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlarymyzyň esasynda hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, talyp gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tagamlary we içdäaçarlary taýýarlanyldy. Mundan başga-da ajaýyp döwrümizi wasp edýän joşgunly çykyşlary, talyp gyzlaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp goşgy setirleri,  dutar astyndaky aýdymlar çäräniň mazmunyny has-hem artdyrdy.

Bu baýramçylyk ýazgysynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.

Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy            B.Kulyýewa



VI AÇYK HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA (OMOUS-2026) INSTITUTYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

от Wepa K -


Hemişelik  Bitarap  Türkmenistan  Watanymyzda,  Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz  tagallalarynyň  netijesinde  ýurdumyzda  ýaşlaryň  dünýä  derejesinde  bilim-terbiýe  almagy,  ylmy-döredijilik  işleri  bilen  meşgullanmagy,  beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli  zerur  şertler  döredilendir.  Çünki  mähriban  Watanymyzyň  gülläp  ösüşi,  durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň  “Biz alymlaryň pikirini nazara alyp, olaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini we berýän tekliplerini döwlet syýasatynda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde hem giňden peýdalanmalydyrys” diýip bellemegide, biziň maksadymyzyň hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.Hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen mart aýynyň 23-28-i aralygynda Halkara Ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026)” atly halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 650-den gowrak talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda  A we B derejeler boýunça ýekeleýin hem-de toparlaýyn görnüşde geçirildi. Talyplar ýekeleýin tapgyrda 6 sany we toparlaýyn tapgyrda 10 sany meseleleri çözmekde güýjüni synanyşdylar. Bu olimpiadada biziň institutymyz hem baýrakly orunlara mynasyp bolup medallara eýe boldy. Olimpiadanyň ýekeleýin görnüşiniň B derejesinde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi kümüş, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Gyzylowa Jemal bürünç,  Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Serdarowa Mährijemal bürünç hem-de A derejede Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Baýramow Şöhrat kümüş medallara mynasyp boldular. 

         Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmeginde talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.

 

BAZARGELDI SAPARGELDIÝEW,

ANNABERDI BERDIÝEW

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary

matematika”kafedrasynyň mugallymlary




INSTITUTYMYZDA HALKARA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

от Tituku 2024 -

INSTITUTYMYZDA HALKARA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaş zehinler ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin aýratyn alada edilýär.

19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde geçiriler. Geçirilen halkara internet olimpiadasyna diňe bir ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplary däl, eýsem Türkiyanyň, Hytaý Halk Respublikasy (HHR), Russiýa Federasiýasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, ABŞ-yň we başgada birnäçe ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaram gatnaşdylar. Internet saýtynyň üsti bilen berlen kesgitli wagtyň dowamynda ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly 180-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçirilen çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

 Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny beýgeltjek bagtyýar ýaşlar ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşlaryň ruhunda uly buýsanç döretdi. Halkara internet olimpiadasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara degişli diplomlar, hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi döwrümize mynasyp, ösen aň-düşünjeli, giň dünýä­garaýyşly, şeýle-de Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, il-günümize wepaly, ruhubelent nesliň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösdürilýär, bu ugurdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Bularyň hemmesi şu günümiziň ösüşlidigini, geljegimiziň aýdyňdygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edýär. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

      Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.

 

(Редактировал(а) Nedir Durdyyew - Monday, 22 May 2023, 11:40)

Старые темы...