Объявления сайта

INSTITUTYMYZDA HALKARA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

от Tituku 2024 -

INSTITUTYMYZDA HALKARA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaş zehinler ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin aýratyn alada edilýär.

19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde geçiriler. Geçirilen halkara internet olimpiadasyna diňe bir ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplary däl, eýsem Türkiyanyň, Hytaý Halk Respublikasy (HHR), Russiýa Federasiýasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, ABŞ-yň we başgada birnäçe ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaram gatnaşdylar. Internet saýtynyň üsti bilen berlen kesgitli wagtyň dowamynda ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly 180-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçirilen çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

 Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny beýgeltjek bagtyýar ýaşlar ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşlaryň ruhunda uly buýsanç döretdi. Halkara internet olimpiadasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara degişli diplomlar, hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi döwrümize mynasyp, ösen aň-düşünjeli, giň dünýä­garaýyşly, şeýle-de Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, il-günümize wepaly, ruhubelent nesliň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösdürilýär, bu ugurdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Bularyň hemmesi şu günümiziň ösüşlidigini, geljegimiziň aýdyňdygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edýär. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

      Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.

 

(Редактировал(а) Nedir Durdyyew - Monday, 22 May 2023, 11:40)

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň geçirýän dersler boýunça Açyk internet olimpiadany gatnaşyjy ýokary okuw mekdeplerde guramaçylara usuly gözükdiriji

от Nedir Durdyyew -

 

(Olimpiada halkara internet olimpiadalarynyň geçiş tertibine laýyklykda alynyp barylýar)

1. Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjy talyplara her ders boýunça ulanyjy ady (login) we parol ýokary okuw jaýyndan sargyt alynan elektron poçta olimpiada başlaýan güni sagat 9-00-da ugradylýar.

2. Ulanyjy ady (login) we paroly ýeke bir gezek ulanmak mümkinçiligi bardyr, ony Guramaçylyk topary tarapyndan bellenen güni, görkezilen sagatda ulgama girmek üçin ulanyp bolýar.

3. Ulgama giren soň kitap, depder ýada beýleki kömek beriji serişdeleriň ulanylmagy gadagan edilýär.

4. Size berilen ulanyş sahypasy açylandan soň ony ýygnap başga bir saýtlara girmek ýa-da sahypa açmak düýbinden gadagan edilýär.

5. Telefon, smartfon ýa-da beýleki gadžetlerden peýdalanmak gadagan edilýär.

6. Talyplaryň netijeli işlemegi üçin kagyz, ruçka ýokary okuw mekdebi üpjün edýär.

7. Bellenilen wagtdan öň bäsleşige gatnaşyjylar ulgama girmeli we Açyk internet olimpiadanyň açylmagyna garaşmaly. Görkezilen wagtda bäsleşik açylmadyk ýagdaýynda sahypany täzelemeli (obnowit). Bellenilen wagtdan 15 minut gijä galan gatnaşyjyny ulgam bäsleşige goýberilmeýär.

8. Olimpiýada gatnaşmak üçin Google Chrome Internet brauzerini ulanmak maslahat berilýär.

9. Ýokary okuw mekdepler bäsleşik gidýän döwründe gözegçi hökmünde degişli derslerden mugallymlary bäskeşik geçýän ýere göýbermeli däldir. Bäsleşige gözegçi hökmünde başga derslerden okadýan mugallymlary bellemelidir.

10. 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ine sagat 15:00-da wideo barlag gözegçilik synagdan geçiriler. (Google Meet)

 

Olimpiadanyň iş tertibi:

2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-na Fizika dersinden hem-de noýabr aýynyň 30-na bolsa Ekologiýa dersinden geçirilýär. Internet olimpiadasy sagat 10:00 başlanar.

Açyk internet olimpiadanyň geçiriljek salgysy: https://tituki.nesil.edu.tm/

Her ýylda geçirilýän Açyk internet olimpiadanyň guramaçylyk işleri boýunça teklipler ýüze çyksa biz Size minnetdarlyk bilen kabul ederis. Iň gowy teklipleri we seslenmeleri Siziň adyňyzdan https://tituki.edu.tm/  institutyň saýtynda ýerleşdireris!!!

 

Tehniki soraglar boýunça: 993-65-03-15-65

Guramaçylyk toparynyň başlygy: 993-65-80-66-08

Hemmäňize üstünlik arzuw edýäris, Guramaçylyk topary!


Bäsleşige hoş geldiňiz!

от Nedir Durdyyew -


Hormatly mugallymlar, talyplar we bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary! Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Sanly ykdysadyýet-geljegiň aýdyň ýoly” atly ylmy-intellektual bäsleşigiň guramaçylyk topary Siziň her biriňiziň bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezmegiňizi arzuw edýär. Hormatly bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşik 2022-nji ýylyň 21-nji maýynda sagat 10:00-da başlaýandygyny ýatlatýarys. Eger siz bäsleşige gatnaşan wagtyňyz tehniki näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda onda klawiaturadaky F5 düwmesine basyp dowam etmeklik ýeterlikdir. 

Türkmenistanyň ­Inžener-tehniki ­we­ ulag ­kommunikasiýalary ­institutynyň ­­Ulag-logistika ­ylmy ­merkezi­ 2021-2022-nji­ okuw­ ýyly ­üçin­ aşakdaky ­hünärler ­boýunça ­okuwa ­kabul edýär

от Nedir Durdyyew -

Ygtyýarnama № 1-15-24-39 T

 

TÜRKMENISTANYŇ ­­BILIM­ MINISTRLIGI­­

Türkmenistanyň ­Inžener-tehniki ­we­ ulag ­kommunikasiýalary ­institutynyň ­­Ulag-logistika ­ylmy ­merkezi­ 2021-2022-nji­ okuw­ ýyly ­üçin­ aşakdaky ­hünärler ­boýunça ­okuwa

­­

KABUL EDÝÄR

 

1.­Komp­ýu­ter ­so­wat­ly­ly­gy:  ­I dereje (Microsoft Office   programmalary) — 3 aý;

 II dereje (Adobe Photoshop,   Gorel DRAW) — 3 aý;

III dereje (Auto CAD)    — 3 aý;

 IV dereje (Programmirleme) — 3 aý.

2.­Rus ­di­li : başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý.

3.­Iň­lis­ di­li :­ başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý.

4.­Buh­gal­ter ­ha­sa­by­nyň­ we te­le­ke­çi­li­giň ­esas­la­ry­—­4 ­aý. 

5.­Ýo­lag­çy ­wag­on­la­ryň­ ­­­ýol­be­le­di­­­ ­­­—­ 4­aý.

6.­Lo­ko­mo­tiw ­ma­şi­nis­ti ­—­6­aý.

     Okuwlara Türkmenistanyň orta we hünär bilimli raýatlary söhbetdeşlik geçirmek esasynda kabul edilýär. Okuwlar Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döwrebap, iň kämil okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­nyň ­sa­na­wy:­— bellenilen tertipde müdiriň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

 — bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

 — 3x4 ölçegdäki alty sany fotosurat.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, kabul ediş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny;

 —Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Resminamalar Ulag-logistika ylmy merkezinde şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Okuwlar 1-nji sentýabrda başlanýar. Okuwy tamamlanlara şahadatnama berilýär.

Salgymyz  Aşgabat ­şäheriniň Büzmeýin ­etrabynyň ­­Senagat ­köçesiniň ­51-nji jaýy.­

Telefon ­belgileri:­­39-26-68,­+993­65-03-71-73,­­

 faks­ belgisi:­33-53-62.­Internet­­sahypamyz:­­tituki.edu.tm


ФИЛОЛОГИЧЕСКИЕ НАУКИ

от Nedir Durdyyew -

G.О. Gurbanmuradova, 

senior teacher, 

Turkmen National Institute of World 

Languages named after Dovletmammet Azadi, 

E.А. Muhammedova, 

teacher, 

The institute of engineering-technical 

and transport communications of Turkmenistan, 

Ashgabat, Turkmenistan 

ENGLISH AS AN INTERNATIONAL LANGUAGE

Abstract: english is an international language, spoken in many countries both as a native and as a second or foreign language. It is taught in the schools in almost every country on this earth. It is a living and vibrant language spoken by over 300 million people as their native language. Millions more speak it as an additional language.

Keywords: international language, Germanic branch, native, vibrant language.

English belongs to the Indo-European family of languages. Within this family, English is a member of the Germanic branch. The Germanic branch may be divided into three groups or subdivisions: East Germanic which consisted of Gothic, now an extinct language; North Germanic under which we include the Scandinavian languages; and West Germanic which consists of High German, Low German, Frisian and English. Three tribes settled in England. These were the Angles, the Jutes, and the Saxons. The Angles came from Denmark, the Saxons were from Holstein in the south, and the Jutes were from the north. These and the Frisian were worshippers of Ing. Linguistic and religious associations between these tribes resulted in a bundle of related dialects, which we presently call English.

The West Germanic languages constitute the largest of the three branches of the Germanic family of languages (the others being the North Germanic and the extinct East Germanic languages). The three most prevalent West Germanic languages are English, German, and Dutch. The family also includes other High and Low German languages including Afrikaans (which is a daughter language of Dutch), Yiddish and Luxembourgish (which are sister languages of German), and Frisian and Scots (which are sister languages of English). Additionally, several creoles, patois, and pidgins are based on Dutch, English, and German, as they were each languages of colonial empires.

English is spoken habitually in the United States, the British Isles, Ireland, Canada, Australia, New Zealand, the Republic of South Africa, Liberia, and many territories under the United Kingdom and the United States of America. It is estimated that 300 million people speak English as a second language, and an additional 100 million people use it fluently as a foreign language. As a rough estimate, 1000 million or one billion people around the world have some knowledge of English, either as a native language, as a second language, or as a foreign language. English is the associate official language of India which has over 1000 million (over billion) people. Pakistan, Bangladesh, and many other nations which were ruled by Britain continue to use English both as an optional medium of instruction in their schools and as one of their official languages. The islands of the Philippines continue to use English as an important tool for education, administration, and for mass media purposes. English is the chief foreign language taught in the schools of Europe, South America, Asia and Africa.

Even though some nations which were ruled by the French continue to teach French as their most preferred second language, English is gaining ground even in these countries. In the former Soviet Union, Russian was the dominant language. Since the break of the Soviet Union, the Central Asian Republics have been rapidly introducing English in their school system as a second or foreign language. In Russia itself, English is gaining ground as the most popular second language. In Japan too, English is the most favored second or foreign language. Outside Europe, English is the predominant language of international commerce. Although the United Nations and its various agencies have more than one language for transaction, more often than not, English comes to be chosen as the preferred language of communication between the participating member-nations. All this has happened within the last one hundred years. The ascendancy of English as the most preferred language began two hundred years ago with the colonization of North America, Asia, and Africa by Britain. The Industrial Revolution in Britain, its ever-expanding maritime power, development of material wealth, progress in scientific research and consequent power, all helped the spread of English, even as Britain marched as a great empire. In the Sixteenth Century, English was spoken mostly in England, southern Scotland, and small areas of Wales and Ireland. There were only about two to three million people speaking it as their native language. At present one in seven in this world speak English either as a native language or as a second language. English was well established as the dominant language in North America in the 17th Century. But its rapid growth was in the 19th Century. Latin was the main medium of education in western Europe throughout the Middle Ages. French was the language of diplomacy for four centuries, from the 17th to 20th. And yet, at present there is not a single language which can be compared to the position occupied by English as the international language. This is so, even though more people in the world speak Chinese than English as their native language. Spanish may claim a large number of native speakers, but neither Spanish, nor French, nor Russian, nor Chinese can even come close to the level and variety of uses to which English is put in the world.

English is learned everywhere because people have found out that knowledge of English is a passport for better career, better pay, advanced knowledge, and for communication with the entire world. English is also learned for the literature it possesses, and for the variety and rich experience it provides. English has replaced French as the language of diplomacy. In this computer age, English is bound to expand its domains of use everywhere. Everyone wants to appropriate English as their own. In the Indian subcontinent, English became the dominant language of communication among the educated classes after the famous Minute of Lord Macaulay in 1833. For an insightful discussion on the progress of English as the dominant language of communication among the educated classes in India, see the monograph on the subject by Professor Ranjit Singh Rangila, et al., Bringing Order to Linguistic Diversity: Language Planning in the British Raj in Language in India.

References:

[1] König, Ekkehard (1994). "17. English". In König, Ekkehard; van der Auwera, Johan (eds.). The Germanic Languages. Routledge Language Family Descriptions. Routledge. Pp. 532-562. Retrieved 26 February 2015.

[2] Algeo, John (1999). "Chapter 2:Vocabulary". In Romaine, Suzanne (ed.). Cambridge History of the English Language. IV: 1776-1997. Cambridge University Press. Pp. 57-91.

© G.О. Gurbanmuradova, E.А. Muhammedova, 2022


Ýaşlara uly ynamyň döwri

от Nedir Durdyyew -


Turuwbaşdan şöhratly günleri peşgeş beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ajaýyp bahar pasly ýurdumyza hakyky ýaz ýakymy bilen geldi. Şeýle günlerde ýurdumyzda uly jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň esasynda hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy döwletimizde demokratiýanyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subudy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk ses bermegiň jemleri boýunça gazanan ynamly ýeňşi döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, raýatlaryň abadançylygynyň hem-de ýurdumyzyň halkara derejede abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyna bildirilen ýokary ynamyň we goldawyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri üçin kesgitlenen milli strategiýanyň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirip, durnukly ösüşiň ýoly bilen ýurdumyzy okgunly öňe alyp gitjekdigine edilen beýik ynamdyr.

19-njy martda Ruhyýet köşgünde geçirilen döwlet Baştutanymyzyň wezipesine girişmek dabarasy döwrümiziň şanly wakasyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz bu dabarada sözlän sözünde: «Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip, aýratyn bellemegi bagtyýar ýaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi.

Döwletimizde taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.

Döwletimiziň ýaşlaryň bähbitlerini goramakdaky durmuşa geçirýän işleriniň Milletler Bileleşiginiň ileri tutýan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň mazmunyndan çaganyň we ýaşlaryň erkin ösmegine gönükdirilen wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek gerek. Resminamada berkidilen ýaşlaryň ýokary hilli bilime we zähmete bolan elýeterlilik, isleg bildirýän hünärlerini we kärlerini saýlap almagy, deňlik we daşky gurşawyň goragy ýaly wezipeleriň ýaş nesillere gönükdirilmegi, olaryň adam serişdesi hökmünde döwrebap ösüşi üpjün etmekdäki wajyp ornunyň ählumumy ileri tutulýandygyny tassyklaýar.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy hem döwrüň ylmy gazananlaryndan, sanly elektron ulgamlaryndan, dünýä dillerinden baş çykarýan giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlaryň, hünärmenleriň kämillik derejesi bilen ölçenilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda berkidilen: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kadadan gözbaş alýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň hemişe döwletimiziň üns merkezindedigini, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur syýasy-hukuk, maddy-üpjünçilik şertleriniň döredilendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Biz geljekde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ynamyny ödemegi mukaddes borç hasaplap, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Ýurdumyzyň ýaşlaryny çyn ýürekden söýýän, olaryň üstünliklerine guwanýan hem-de olar üçin iň gowy mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.


Çynar KÖMEKOWA,

Institutyň Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.